|
|
|||||
|
|
|||||
![]() |
![]() |
||||
|
|
|||||
|
|
|||||
Dünýä medeniýetiniň taryhynda Pariýanyň siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr. B.e. öň IV asyrda grek-makedon goşunlarynyň zarbasy astynda Ahemenitleriň imperiýasy dargapdyr. Aleksandr Makedonskiniň oruntutarlary bolan selewkitleriň döwründe Baktriýa, Parfiýa we Horezm döwletleri döräpdir. B.e. öň III asyrdan b.e. III asyryna çenli 600 ýyla golaý dowam eden Parfiýa döwleti uly imperiýa öwrülip, b.e. I asyryndan başlap Rim imperiýasynyň bäsdeşine öwrülipdir. Özüniň gülläp ösen wagtynda Ortaýer deňzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli ýerleri öz içine alan Parfiýa imperiýasynyň esasy özeni Partawa bolupdyr.
Köne hem-de Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende ajaýyp arhitektura, sungat ýadygärlikleri, keramiki gap-gaçlaryň böleklerine ýazylan hojalyk dokumentleriniň deň-taýy bolmadyk arhiwi ýüze çykaryldy.
Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryň tapyndysy diýlip atlandyryldy. Ritonlar bilen doldurylan tutuş bir otagyň üsti açyldy. Ritonlar şirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryň käbirleriniň detallary altyn çaýylan bürünçden, sap altyndan we bürnçden taýýarlanypdyr. Ritonlarda dürli kompozisiýaly güberçek gazma nagyşlar ýerleşdirilipir. Ritonlar kentawrlaryň, ýolbarsa çalymdaş grifonlaryň, aýallaryň we ş.m. keşbi bilen bezelipdir.
Gaznadan altyn çaylan gündogar tipli söweşjeň altyn paltajyk, ikiýüzli gysga gamalar, demir sowudyň bölekleri ýaly şa ýaraglarynyň görnüşleri hem tapyldy. Şanyň baýramçylyk galkany-da ussatlarça taýýarlanyp, kaşaň bezelipdir. |
|||||
|
• |
|||||
![]() |
|
![]() |
|||
|
|
|||||
|
|
|||||
|
|
|
|||