Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

   

 

   
 

 
 

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

   

   


DASOGUZ
IL ARSLAN
YZMYKŞIR
MAMUN II
HOREZMBAG
AKGALA
DAŞGALA
KYRKMOLLA DEPESI
DAŞMETJIT
IBN HAJYBYŇ
PIRÝAR WELI
SOLTAN ALYN
NEJMEDDIN KUBRAN
KÖNEÜRGENÇ
GUTLUG TIMUR
TÖREBEG HANYM
SOLTAN TEKEŞ

HOREZMBAG

Horezmbag atly aýratyn gala harabaçylygyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýär. Bu galanyň galyndylary dörtburç planly giň meýdant tutýar. Galanyň güýçli berkidilen diwarlary bolupdyr. Bu diwar galanyň ortasyndan demirgazyk-günorta tarapa çekilip, ony iki deň bölege bölüpdir.

Bu ýeri XIX asyryň ortasynda täzeden özleşdirmek synanyşygy edilipdir, ol şol asyrda salnan pagsa diwaryň galyndysyndan aňlanylýar. Emma bu diwaryň has gadymky haýatyň üstünden salnandygy XIII-XIV asyrlardan galan tapyndylar görkezýär.

1952-nji ýylda professor S.P. Tolstowyň Köneürgençdäki ekspedisiýasy galanyň merkezindäki depäniň käbir ýerlerini barlap görüpdi. Bu depe bilen öň Hywa hany Mädemin han hem gyzyklanypdyr. Hanyň gazdyran ýerleriniň yzyny çalyp barlag geçirilende, bu ýerde biräçe otaglaryň bardygy anyklanyldy. Şol otaglar uly köşgüň galyndylary bolup çykdy. Köşk XIII-XIV asyrlara degişli.

S.P. Tolstowyň kesgitlemegine görä, Horezmbag galasy Altyn Orda döwrüniň hanlarynyň şäherden daşardaky berk goralan köşgi bolupdyr. Taryhçylardan Fasih Hawafi 1342-nji ýylda bolup geçen wakalary beýan edende şu köşgi göz öňünde tutan bolmagy mümkin. “Soltan Janybegiň permany bilen Horezmiň Saraý-i Jedidinde Horezmiň häkimi emir Aly Sopy 17-nji rebi-al-awwal aýynda jezalandyrylyp öldüridi” diýip Hawafi ýazypdyr.

Galanyň adynyň Horezmbag bolmagynyň sebäbi onuň köşk bolandygyndan we daragtlaryň gögerip oturan wagtyndan galan nyşanydyr.

 

 

• DASOGUZ • IL ARSLAN • YZMYKŞIR • MAMUN II • HOREZMBAG • AKGALA • DAŞGALA • KYRKMOLLA DEPESI • DAŞMETJIT • IBN HAJYBYŇ • PIRÝAR WELI • SOLTAN ALYN • NEJMEDDIN KUBRAN • KÖNEÜRGENÇ • GUTLUG TIMUR • TÖREBEG HANYM • SOLTAN TEKEŞ •

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

 

 

 

Bu siteyi minimum 800x600 ve en iyi 1024x768 ekran çözünürlüğü ile yüksek renk modunda görebilirsiniz.
Görüş, öneri ve eleştirilerinizi
oguzhan_ocal@yahoo.com adresine gönderebilirsiniz.
Son güncelleme tarihi: 01.10.2002 Tasarım O.OCAL
Her Hakkı Saklıdır.