Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

   

 

   
 

 
 

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

   

   


DASOGUZ
IL ARSLAN
YZMYKŞIR
MAMUN II
HOREZMBAG
AKGALA
DAŞGALA
KYRKMOLLA DEPESI
DAŞMETJIT
IBN HAJYBYŇ
PIRÝAR WELI
SOLTAN ALYN
NEJMEDDIN KUBRAN
KÖNEÜRGENÇ
GUTLUG TIMUR
TÖREBEG HANYM
SOLTAN TEKEŞ

IL ARSLANYŇ ÝADYGÄRLIGI

(XII asyr)

Köneürgenç etrabynda, Daşgala bilen Tekeşiň ýadygärliginiň arasynda ýerleşýär. Halk arasynda bu ymarat Horezmşasy Il Arslanyň (hökümdarlyk eden ýyllary 1156-1172) we din alymy, filosof Fahreddin Razynyň atlary bilen baglanyşdyrylýar. On iki gyraňly gümmezi bolan bu ymarat Merkezi Aziýa migmarçylyk senedinde seýrek duş gelýän binadyr.

Bu gurluşygyň diwarlary daş ýüzünden inedördül çekilip, iç ýüzünde inedördül otagl (3,5x3,6) bolmak bilen galyň diwarlarynda edilen egmekli çuň tagçalaryň hasanyna atanak şekilli ösdürilipdir. Ýokary gitdigiçe çalaja gysylýan dörtgyraň diwarynynyň üstünde 12 gyraňly çadyr şekilli gümmez bilen tamamlanýan 12 gyraňly baraban ýokary göterilýär, onuň her 4 gyraňynda äpişgesi bar. Mawzoleýiz içerki giňişligi daşky keşbine laýyk gelmeýär. Çünki baraban iç ýüzünden stalaktit paruslaryň üstünde goýlan däp bolan sekiz gyraňly bilen çözülipdir. Jaýyň gapyly gündogar diwarynda bişen adaty kerpijiň we oýmurly ýylmanan kerpijiň nagyşly örüminden edilen ajaýyp dekoratiw bezeg bar.Kerpiçleriň örümi içi arkaly oýukly üç sany gönüburçly tagçalarda iňňän çylşyrymly ösümlik nagşyny we arapça ýazgyny emele getrýär.

12 gyraňly barabany ýylmanan kerpiçden örüpdirler. Horezmşasy Il Arslanyň mawzoleýi seýrek duşýan desgadyr. Gyraňlanan çadyr görnüşli gümmezli şuňa meňzeş gurluşyk Orta Aziýada başga ýok.

 

• DASOGUZ • IL ARSLAN • YZMYKŞIR • MAMUN II • HOREZMBAG • AKGALA • DAŞGALA • KYRKMOLLA DEPESI • DAŞMETJIT • IBN HAJYBYŇ • PIRÝAR WELI • SOLTAN ALYN • NEJMEDDIN KUBRAN • KÖNEÜRGENÇ • GUTLUG TIMUR • TÖREBEG HANYM • SOLTAN TEKEŞ •

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

 

 

 

Bu siteyi minimum 800x600 ve en iyi 1024x768 ekran çözünürlüğü ile yüksek renk modunda görebilirsiniz.
Görüş, öneri ve eleştirilerinizi
oguzhan_ocal@yahoo.com adresine gönderebilirsiniz.
Son güncelleme tarihi: 01.10.2002 Tasarım O.OCAL
Her Hakkı Saklıdır.