Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

   

 

   
 

 
 

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

   

   


DASOGUZ
IL ARSLAN
YZMYKŞIR
MAMUN II
HOREZMBAG
AKGALA
DAŞGALA
KYRKMOLLA DEPESI
DAŞMETJIT
IBN HAJYBYŇ
PIRÝAR WELI
SOLTAN ALYN
NEJMEDDIN KUBRAN
KÖNEÜRGENÇ
GUTLUG TIMUR
TÖREBEG HANYM
SOLTAN TEKEŞ

KYRKMOLLA DEPESI

Ol minaradan demirgazyk-günbatar tarapda ýerleşip tebigy bir baýar meňzeş depedir. Ýerli halk bu depe bilen asyrlar boýy gyzyklanyp gelipdir, emma hiç kim ony gazyp görmäge milt edip bilmändir. Munuňam sebäbi bu depe barada halk arasynda gyzykly rowaýat döräp, onuň belli bir derejede gorkunçly bolmagyndadyr :

Şa öz alymlary üçin henize çenli görülmedik uly we owadan ymarat saldyrp beripdir. Döwletiň iň ökde ussalary gurluşyga gatnaşypdyrlar. Netijede dünýäde deňi-taýy bolmadyk ymarat bina edilipdir. Onda 40 sany iň meşhur alym 40 müň talyba (molla) sapak beripdir. Emma bir gün şäheri ýowuz duşman alypdyr. Şonda alymlar we mollalar jemlenişip, bu ymaratyň çöwrülip, özleriniň hem duşmana ýüzleriniň düşmezligini Hudaýdan diläpdirler. Ymarat astyn-üstün çöwrülipdir. Duşmanlar gelip görenlerinde bu ýerden nam-nyşan tapmandyrar. Ilatyň galanjasy hem “Biz bu ýeri ekmek üçin sürüp goýupdyk” diýipdirler.Anna güni ymaratyň astyna giden mollalar jem bolup, Kuran okaýarlar, şol gün gelip, olaryň owazyny eşidip bolýar.

Tapylan diwarlar we arheologiki tapyndylar (gap-gaçlaryň bölekleri) b.e. IV asyryna çenli bu ýerde ýaşaýşyň bolandygyny görkezýär. Taryhçylayň arasynda Kyrkmolla galasy Mamunyň akademiýasy, Horezmiň baş medresesinde sapak beren Şyhabeddin Hywakynyň XII asyryň ahyry XIII asyryň başyndaky “Magoran ul-Hikmat” atly kitaphanasy bolandyr diýen çaklamalar bar.

 

• DASOGUZ • IL ARSLAN • YZMYKŞIR • MAMUN II • HOREZMBAG • AKGALA • DAŞGALA • KYRKMOLLA DEPESI • DAŞMETJIT • IBN HAJYBYŇ • PIRÝAR WELI • SOLTAN ALYN • NEJMEDDIN KUBRAN • KÖNEÜRGENÇ • GUTLUG TIMUR • TÖREBEG HANYM • SOLTAN TEKEŞ •

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

 

 

 

Bu siteyi minimum 800x600 ve en iyi 1024x768 ekran çözünürlüğü ile yüksek renk modunda görebilirsiniz.
Görüş, öneri ve eleştirilerinizi
oguzhan_ocal@yahoo.com adresine gönderebilirsiniz.
Son güncelleme tarihi: 01.10.2002 Tasarım O.OCAL
Her Hakkı Saklıdır.