Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

   

 

   
 

 
 

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

   

   


DASOGUZ
IL ARSLAN
YZMYKŞIR
MAMUN II
HOREZMBAG
AKGALA
DAŞGALA
KYRKMOLLA DEPESI
DAŞMETJIT
IBN HAJYBYŇ
PIRÝAR WELI
SOLTAN ALYN
NEJMEDDIN KUBRAN
KÖNEÜRGENÇ
GUTLUG TIMUR
TÖREBEG HANYM
SOLTAN TEKEŞ

NEJMEDDIN KUBRANYŇ ÝADYGÄRLIGI

( XIV asyr)

Nejmeddin Kubranyň ýadygärligi Köneürgenç etrap merkeziniň günbatarynda ýerleşýär. Ýadygärlik 1145-46-njy ýyllarda Ürgençde doglan, sufizmiň Kubrawylar mekdebini esaslandyryjy Ahmet ibn Omar Abuljennap Nejmeddin al-Kubra, al-Hywaky, al-Gürgenji bilen baglanyşykly. Nejmeddin Kubra diňe bir dini mekdebiň ündewçisi bolman, özüniň 7-8 kitaby, 24-den gowrak rubagysy bolan tebipçilige ökde, ezber küştçi we nakgaş hökmünde halk arasynda tanalan gahryman watançy bolupdyr.

Nejmeddin Kubranyň terjimehalyny ýazan alymlar, şahyrlar we syýahatçylar onuň mongollar Ürgençe çozanda eli ýaragly urşup, 1221-nji ýylyň 3-nji iýulynda wepat bolandygyny bir agyzdan tekrarlaýarlar. Nurmuhammet Andalyp bir goşgusynda:

Ol şyh Kubra etdi şahadat meýin noş -diýmek bilen onuň pajygaly gurban bolandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Nejmeddin Kubranyň üstüne galdyrylan ýadygärlik Gutlug Temuryň Ürgenje häkim bolan wagtynda amala aşyrylypdyr. Ymarat 4 sany otagdan ybarat bolup, ýüz tarapy demirgazyga bakdyrylyp gurlan. Onuň peştagynyň ýüzündäki ýazgylaryň diňe “şalaryň medetkäri we diniň ýyldyzy Kutluk Temur ben Toýda aganyň wagtynda gurlandygy görnüp dur” diýen sözleri kitapdan kitaba düşüp gelýär. Bütin gadymy Ürgenjiň 20-ä golaý ýadygärliklerinden diňe şu ymarat we 2 minara özleriniň gurlan döwürleri hakda maglumat berýärler. Bu ymaratyň uly ähmiýete eýe bolan ýazgylaryny bolşy ýaly okap göreliň: “Ulemalaryň iň gowusynyň we hudaýyň öwlüýäleriniň iň oňadynyň maksady bolan bu mazaryň bina edilmegine barça bendeleri düzgüne salan, duşmançylykly elleriň ýurtda eden harabalaryny diklän, bagta kowalaşmakda birinjiligi eýelän, hojaýynlaryň seresi we şalaryň eýesi, dünýäniň we diniň ýalyňy bolan Kutlug-Temir ibn Nejmeddin ibn Toydy aga gatnaşpdy, oňa bu tarykatyň ýardamy degsin”

Peştagyň beýleki ýazgylary we merkezi gapynyň holaýyndaky ýazgylar hiç hili taryhy maglumat bermän, piriň kitaplaryndan sözlerdir. “Suls” haty bilen syrçaly daşa ýazylan hatlardan piriň terkidünýä filosofiýasynyň äheňi gelip dur. Peştakdaky gapydan inedördül dälize girilýär. Bu otagda ýene üç sany gapy bar. Öňdäki gapyda Nejmeddin Kubranyň görhanasyna girilýär. Mazaryň gümmezi 1950-nji ýyllarda opurylyp, ortadaky iki sany gabyrüsti nyşany zaýalanypdyr.

 

 

• DASOGUZ • IL ARSLAN • YZMYKŞIR • MAMUN II • HOREZMBAG • AKGALA • DAŞGALA • KYRKMOLLA DEPESI • DAŞMETJIT • IBN HAJYBYŇ • PIRÝAR WELI • SOLTAN ALYN • NEJMEDDIN KUBRAN • KÖNEÜRGENÇ • GUTLUG TIMUR • TÖREBEG HANYM • SOLTAN TEKEŞ •

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

 

 

 

Bu siteyi minimum 800x600 ve en iyi 1024x768 ekran çözünürlüğü ile yüksek renk modunda görebilirsiniz.
Görüş, öneri ve eleştirilerinizi
oguzhan_ocal@yahoo.com adresine gönderebilirsiniz.
Son güncelleme tarihi: 01.10.2002 Tasarım O.OCAL
Her Hakkı Saklıdır.