Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

   

 

   
 

 
 

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

   

   


Mary
Gadymy Merwiň
Taze Merwin
Sahabalar
İbn-Zeydin Kümmeti
Sardoba
Hojageldi Medresisi
Talhatanbaba
Uly Gyzgala
Hoja Yusup
Soltan Sanjar

ASHABLARYŇ  GUBURHANALARY

(XV asyr)

Sahabalar (ashablar) ýagny Muhammet pygamberiň ýoldaşlary we “baýdak göterijileri” Al-Hekim ibn Amr al-Gifary we Bureýda ibn al-Huseýb al-Aslamy - yslamy ündemek maksady bilen Mara gelipdirler. Olar arap halypalygynyň Merwdäki ýeňişlerinden soňra bu ýerde hökümdarlyk edip, ençeme ýyl ýaşaýarlar hem-de adamlary yslama uýdurmak boýunça ep-esli işleri alyp barýarlar. Sahabalaryň ilkinjisi 670-nji ýylda, ikinjisi hem 681-nji ýylda Merwde ýogalýarlar hem-de şu ýerde jaýlanýarlar. Olara ýerli ilatyň arasynda meşhurlyk gazandyrmak maksady bilen XV asyrda Marynyň täze hökümdarlary ashablaryň mazarlarynyň üstüne kerpiçden iki sany çuň we gabyrüsti kiosklaryň oklary boýunça ýerleşýän gümmezli eýwan gurupdyrlar. Eýwanlar we olar bilen gurlan gabyrüsti kiosklar hem çagşapdyrlar. Eger-de kiosklar XX asyryň başynda tutuşlygyna gaýtadan örülen bolsa, onda eýwanlary konserwasiýa edipdirler.

Beýikligi 10 metrden aşýan peştaglaryň ikisi-de forma babatda birmeňzeş bolup, olar esasan 25×25×5 sm. ölçegdäki bişen kerpiçlerden salnypdyr. Hiç hili ýaşaýyş jaý ýa-da beýleki jaý roluny ýerine ýetirmeýän bu ymaratlaryň hersiniň ortasynda ýokary çürelip gidýän ýeke-täk uly arka bar.Eýwanlaryň arhitekturasy meňzeş we olar Teýmiritler döwletiniň paýtagt arhitekturasynyň ýetiren özboluşly täsirini görkezýär. Iki sany gabyrüsti daşdaky ýazgylarda Bureýdanyň we Gigarynyň şahslaryna degişli käbir maglumatlar berlipdir.

 

• Mary • Gadymy Merwiň • Taze Merwin • Sahabalar • İbn-Zeydin Kümmeti • Sardoba • Hojageldi Medresisi • Talhatanbaba • Uly Gyzgala • Hoja Yusup • Soltan Sanjar •

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

 

 

 

Bu siteyi minimum 800x600 ve en iyi 1024x768 ekran çözünürlüğü ile yüksek renk modunda görebilirsiniz.
Görüş, öneri ve eleştirilerinizi
oguzhan_ocal@yahoo.com adresine gönderebilirsiniz.
Son güncelleme tarihi: 01.10.2002 Tasarım O.OCAL
Her Hakkı Saklıdır.