Erkgala göwrümi
boýunça gadymy Merw şäheriniň ulgamyna girýän galalaryň iň kiçisi
bolsa-da, ýaşy boýunça iň ulusy, belentligi boýunça hem iň beýigidir.
Onuň tutýan meýdany bary-ýogy 20 gektara barabardyr. Häzirki wagtda ol
gala däl-de, dagyň çykmasy kyn baýyrlaryna çalym edýär. Onuň saklanyp
galan beýikligi ortaça 25-28 metre ýetýär. Geçirilen köp sanly
arheologik barlaglar galanyň ahemenitler döwrüne degişli hökümdaryň
köşgi bolandygyny äşgär etdi. Erkgalanyň içinde köşkden başga-da uly
edara jaýy, skladlar, gorhana, nökerler üçin kazarmalar bolupdyr.
B.e. öňki III asyryň
ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny
bilen Merwe gelende, ol bu töwerekleriň bol suwuna, mes toprakly
ýerlerine göz gyzdyryp, Merwi özüne paýtagt edinmegi, ony düýpli
gurlan gala bilen berkitmegi ýüregine düwüpdir. Erkgala oňa darlyk
edipdir. Şonuň üçinem ol bu galanyň günortasyndaky bag-bakjalyga
bürenip oturan ilatly ýeri göz öňünde tutup, şol ýerden hem takyk
oýlanylan plan esasynda grekleriň gala guruş usulynda äpet galanyň
gurluşygyna başladýar. Örän tiz wagtda bina edilen bu dörtgyraň
galanyň diwarlary 6 metre ýetýän galyňlykda bolup, onuň her bir gapdal
ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir.
Geçmişde
“butparazlaryň galasy” ýa-da “kapyrgala” ady bilen tanalan bu gala
biziň günlerimize GÄWÜRGALA ady bilen gelip ýetipdir. Ol 400 gektara
golaý meýdany öz içine alýar. Orta asyryň Ibn al-Fakih, Idrisi,
Makdisi ýaly arap dilinde ýazan awtorlarynyň işlerinden mälim bolşuna
görä, Gäwürgalada iki sany erkek we aýal adamynyň şekili bilen bezelen
Keýmerzuban atly gadymy öýüň we sežde edilýän uly metjit jaýynyň
bolandygy mälim. Gäwürgalanyň dört tarapky diwarlarynyň dördüsinde-de
derwezeler bolupdyr, galanyň içine kanal çekilipdir, galanyň içki
diwaryny deň dörde bölýän goşmak şekilli uly köçeler bolupdyr, bazar
meýdançasy, degirmençiler we hazarçyllar kärhanasy ýerleşipdir. Antioh
Soter Gäwürgalanyň daşyna 230 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany
hem saldyrypdyr.
Onuň bina edilen
wagty seljuklar neberesiniň dolandyran wagtyna gabat gelýär. Ol seljuk
soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji
ýarymynda-XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň
soltanlaryň saldyran galasy - Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp
bolupdyr.
Gapdal diwarlary
1,7den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangala Gäwürgalanyň duldegşir
günbatarynda ýerleşýär. Bu iki galanyň arasyndan bolsa gadymy
döwürlwrden tä mongol goşunlary tarapyndan weýran edilýänçä uly
ykdysady ähmiýetli kanal bolan al-Ruzeýk (al-Razik) ýaby akypdyr.
Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5
metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr. Iki metre çenli çürelip
gidýän ýokarky gatlaklarynda bolsa 31×31×7 sm we 27×27×5 sm ölçegdäki
çig kerpiçler ulanylypdyr.
Gäwürgala bilen
deňeşdirilende Soltangalanyň diwarlary has gowy saklanypdyr.
Şähriýar gala gadymy
Mary şäher galalarynyň içinde iň kiçisidir. Bary-ýogy 20 gektara golaý
meýdany tutýan bu galanyň diwarlarynyň salnyşynda belli bir forma
eýerilmändir. Gala tutuşlygyn ýoýulan kwadrata çalym edýär. Ol esasan
27×27×6 sm ölçegdäki çig kerpiçlerden pagsa bilen aralaşdyrylyp
salnypdyr. Häzirki wagtda gala diwarlarynyň saklanyp galan galyňlygy
2,8-3 metre, beýikligi hem 8-10 metre ýetýär.
Galanyň içiniň
demirgazyk hem-de deirgazyk-günbatar böleklerinde kazarmalaryň,
athanalaryň galyndylaryny, ortada we günorta-gündogarda hem edaradyr
ýaşaýyş jaýlarynyň harabalaryny görmek bolýar. Olardan ilkinji bolup
göze ilýäni köşk jaýydyr. Köşgüň içinde bary-ýogy ýekeje süýnmek zal
bolup, ol öz wagtynda seljuk soltanlarynyň diwany-kabulhanasy bolup
hyzmat edipdir.
Araplar döwrüne
degişli ýadygärlikleriň biridir. Käbir alymlar ony Abu Muslimiň harby
lageriniň galyndylary hasaplaýarlar. Şaýym gala Gäwürgalanyň 1,5 km.
günorat-gündogarynda ýerleşýär. Onuň 1,28 kw.km. meýdany bolup, gala
diwarlary pagsadan hem-de25×25, 5×5, 24-25×25 ölçegdäki çig kerpiçler,
aram-aram hem 26,5 ×?×5 sm. ölçegde bolan kerpiçler ulanylyp salypdyr.