Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

   

 

   
 

 
 

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

   

   


Mary
Gadymy Merwiň
Taze Merwin
Sahabalar
İbn-Zeydin Kümmeti
Sardoba
Hojageldi Medresisi
Talhatanbaba
Uly Gyzgala
Hoja Yusup
Soltan Sanjar

HOJA ÝUSUP HAMEDANY METJIDI

(XVI asyr)

Isgendergalanyň demirgazyk okunyň golaýynda ýerleşýän Ýusup Hemedanynyň metjidi umumy häsiýeti boýunça ashablaryň guburhanasyna gelip birigýär. Ýusup Hemedanynyň metjidiniň anasmbly mawzoleýiň, metjidiň we ýaşaýyş jaýlarynyň dürli wagtlarda gurlan toparyndan ybaratdyr. Dört gapdaly arka görnüşinde çig kerpiçden egmek edilip örülen içi-daşy laý bilen suwalan dörtgyraň gubur jaýynyň içinde XII asyryň ortalarynda Hoja Ýusup Hemedanynyň jesedi ýerleşdirilipdir. Onuň üstünde we başujynda hiç hili ýazgy ýok. Onuň esasy peştagynyň beýikligi 15 metre golaýlasa, ini hem 5,15, gapdal arkalarynyňky bilen bilelikde 22 metre ýetýär. Guburhananyň hem takmyny beýikligi 5 metr bolup, gapdal taraplary 8×7,70 metre deňdir.

Abu Aly Ýakup Ýusup al-Buzenjirdi al-Hamadanynyň (1048-1140) üstüne galdyrylan gümmezdir. Ol Maryda ýaşap, sufizmi wagyz edipdir. G. Snesarew özüniň “Şyh Ýusup Hemedany” diýen makalasynda birnäçe gyzykly maglumatlary getiripdir. Gadymy biograflar öz ýazgylarynda Hoja Ýusup Hemedanynyň 10 müň gezek Kuran okap çykanlygyny, şerigata, kada-kanunlara, Kurany tefsirlemäge, pygamber hakdaky kyssalara bagyşlanan 700 hekaýaty ýatdan bilýändigini, 213 sany parasatly şyh bilen söhbetdeş bolandygyny, butparazlaryň 800-sini yslam dinine uýduranlygny, öz wagyz-syýasaty bilen başga-da san-sajaksyz bendeleri eden günäleri üçin toba getirip, hak ýola gönükdirendigini nygtaýarlar.

XVI asyrda mawzoleýiň öňünde kiosk görnüşinde metjit - giň arkaly, beýik gümmezli mawzoleý tarapy açyk eýwan peýda bolupdyr. Arkadan bir ýan gapdalda, jümmüşinde mährap bolan ganatda kiçeňräk hüjreleri bolan iki bölümli lodži (eýwan) gurlupdyr. XIX asyryň ahyrrynda bolsa mawzoleý düýpli özgerdilip gurlupdyr.

 

• Mary • Gadymy Merwiň • Taze Merwin • Sahabalar • İbn-Zeydin Kümmeti • Sardoba • Hojageldi Medresisi • Talhatanbaba • Uly Gyzgala • Hoja Yusup • Soltan Sanjar •

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

 

 

 

Bu siteyi minimum 800x600 ve en iyi 1024x768 ekran çözünürlüğü ile yüksek renk modunda görebilirsiniz.
Görüş, öneri ve eleştirilerinizi
oguzhan_ocal@yahoo.com adresine gönderebilirsiniz.
Son güncelleme tarihi: 01.10.2002 Tasarım O.OCAL
Her Hakkı Saklıdır.