Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

   

 

   
 

 
 

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

   

   


Mary
Gadymy Merwiň
Taze Merwin
Sahabalar
İbn-Zeydin Kümmeti
Sardoba
Hojageldi Medresisi
Talhatanbaba
Uly Gyzgala
Hoja Yusup
Soltan Sanjar

MUHAMMET ibn-ZEÝDIŇ KÜMMETI

(XI asyr)

Köp ýyllaryň dowamynda il-halkyň dilinde ymam Muhammet Hanapyýa ýa-da ymam Japar Sadyk diýlip tanalan bu kümmet Soltangaladan bir km. ýaly günbatarda ýerleşýär. 1959-njy ýyla çenli Muhammet Hanapyýanyň kümmeti diýlip ýalňyş düşündirilen, emma Muhammet ibn-Zeýdiň kümmeti bolan bu bina XI asyryň başynyň deňsiz-taýsyz ýadygärligidir. Inedördül kümmet (taraplary 8,5 metr) esasn çig kerpiçden gurlupdyr, emma tutuşlygyna bütin daş ýüzi bişen kerpiç bilen ýüzlenipdir. Iç ýüzüniň paruslarynyň ýaruslary we gyralaryndaky ýazgylary nagyşly bişen kerpiçden örülipdir. M.Ý. Masson tarapyndan dykgatly okalyp düşündirilen bu ýazgy ýadygärligi takyk 1112-1113-nji ýyllar bilen seneleýär he-de ony bu ýerde jaýlanan Muhammet Seýit ibn-Zeýdiň ady bilen we Mary welaýatynyň hökümdary Şerefeddin Abu Tahyryň ady bilen baglanyşdyrýar. kümmetiň özi-de Şerefeddin Abu Tahyryň buýrugy bilen 1112-nji ýylda bina edilipdir.

Soň-soňlar kümmet gümmezi bilen birlikde ençeme gezek üýtgedilip gurlupdyr we rejelenipdir. XX asyryň başynda gadymy kümmetiň gümmezi ýykylypdyr. 1937-nji ýylda A.M. Baçinskiniň we W.I. Pilýawskiniň ýolbaşçylygynda Buharadan bolan ussalar uraban we Yusup tarapyndan gümmez gaýtadan dikeldilipdir.

 

• Mary • Gadymy Merwiň • Taze Merwin • Sahabalar • İbn-Zeydin Kümmeti • Sardoba • Hojageldi Medresisi • Talhatanbaba • Uly Gyzgala • Hoja Yusup • Soltan Sanjar •

Ahal Mary Labap Dasoguz Balkan

 

 

 

Bu siteyi minimum 800x600 ve en iyi 1024x768 ekran çözünürlüğü ile yüksek renk modunda görebilirsiniz.
Görüş, öneri ve eleştirilerinizi
oguzhan_ocal@yahoo.com adresine gönderebilirsiniz.
Son güncelleme tarihi: 01.10.2002 Tasarım O.OCAL
Her Hakkı Saklıdır.