|
|
|||||
|
|
|||||
![]() |
![]() |
||||
|
|
|||||
|
XII asyryň ortalarynda
Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurlupdyr. Soltan Sanjaryň türbesiniň planynda inedördül taraplary 27 metr jaýyň ölçegi 17x17 mert bolan dört sany arkaly tagçanyň hasabyna diwareyň galyňlygyna tarap giňeldilen ýalňyz inedördül otagy bar. Ol arkaly paruslar ulgamynda beýik hgümmez bilen örtülipdir, ol arkaly paruslar dört ýarysly stalaktit paruslaryň onalty gyraňlygynyň kömegi bilen gümmeziň daýanç aýlawyny döredýär. Onuň içerki ýüzünde gümmeziň ýüzini owadan böleklere bölüp, ägirt uly ýyldyzyň suratyny emele getirýän kerpiçden edilen bezeg gapyrgalar görünýär.
Soltan Sanjaryň mawzoleýini orta asyr awtorlarynyň biri Reşiteddin (XIV asyr) “dünýäde iň uly jaý” diýip atlandyran bolsa, Isfizary (XV asyr) ýadygärlige “munuň özi älem-jahanda iň uly gurluşyklaryň biridir we ol zaýalanmak özüne galtaşyp bilmejek derejede mäkämdir” diýip baha beripdir. Türkmenistanyň arhitekturasynda Soltan Sanjaryň mawzoleýi deňsiz-taýsyz wakadyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu barada şeýle ýazýar: “onuň arhitektura formalary, onuň konstruktiw tärleri, onuň bezelişi... XI -XII asyrlaryň günorta Türkmenistan arhitekturasynyň ewolýisiýasynyň bütin barşy bilen öňünden kesgitlenipdir. Bu ýadygärlikde Saragtdan arhitektor Muhammet ibn Atsyzyň we onuň bilen hyzmatdaşlyk eden ussalaryň toparynyň amala aşyran orta asyr halk gurliuşyk genisiniň beýik gazananlary sintezirlenýär”. Alym özüniň “Köne Mary” diýen kitabynda Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň ähmiýeti hakda öz pikirlerini şeýle beýan edipdir:”Eger-de gadymy Marydan hiç bir zat saklanyp galman, hat-da onuň ozalky şöhraty hakynda şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar we ägirt uly şäher harabalary hem saklanyp galman, diňe Soltan Sanjar mawzoleýiniň ýalňyz özi saklanyp galanlygynda-da munuň özi köne Marynyň nähili uly şäher bolanlygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik bererdi”.
|
|||||
|
• |
|||||
![]() |
|
![]() |
|||
|
|
|||||
|
|
|||||
|
|
|
|||