|
|
|||||
|
|
|||||
![]() |
![]() |
||||
|
|
|||||
|
1221-nji ýylda Çingiz hanyň leşgerleriniň weýrançylykly çozuşlaryndan
soňra birwagtlarky gülläp ösen Merw ülkesi harabaçylyga öwrülýär. Merwiň
mongol çozuşlaryndan öňki ýadygärlikleri gadymy ýa-da Köne Merw ady bilen
mälimdir. Täze Merw diýen at bolsa ilkinji gezek XV asyryň birinji
onýyllygynda Teýmir leňiň ogly Şahruh bilen bagly tarayha girýär. 1396-njy
ýylda Horasana häkim bellenen bu ýaş, gujurly hökümdar Gadymy Merwiň
ummasyz meýdany tutup ýatan mes toprakly tekiz ýerleri bilen içgin
gyzyklanýar. Bir mahallar durmuşyň joş alan ýerlerinde uly oturymly
ýaşaýşy ýola goýmak maksady bilen ol ilkinji nobatda mongollar sebäpli
Murgap derýasynyň tas 200 ýyllap ýumrulgy ýatan Soltanbent berkitmesini
dikeltdirip, gömülen ýäpläry açdyrýar. 1407-1409-njy ýyllarda Şahruh
ýörite niýetlenen plan esasynda Gadymy Merw läyer harabalarynyň ep-esli
günortasyndan Täze Merwiň, ýagny soňra Abdyllahangala ady bilen biziň
günlerimize gelip ýeten galanyň gurluşygyna başladýar. a) Abdyllahan gala Täze Merw galalarynyň ilkinjisidir. Şahruhyň döwürdeşi bolan taryhçy Abdyrazzak Samarkandynyň bellemegine görä Şahruh bu galanyň gurluşyk işlerini dolandyrmak žçin guramaçy emeldarlardan Alaeddin Kukeltaşy, Musany hem-de edenli hökümet işgäri Emiraly Şeýanyny belläpdir. Seýdip häzirki Baýramaly şäheriniň demirgazygyna sepleşip oturan, orta asyr döwrüne degişli Täze Merw galasy - Abdyllahan gala bina edilipdir. Göwrümi boýunça gadymy Merw galalaryndan has kiçi bolan bu galanyň daş ýüzi 24×24×5 sm. ölçegdäki çig kerpiçler bilen, içi bolsa Soltan Sanjar mawzoleýiniňkä görä kiçeçräk dörtgyraň kerpiçler bilen, diwary her bir metr beýiklikde 5 sm. içe gidýän görnüşde salnypdyr. Galanyň gapdal diwarlarynyň uzynlygy 630 metrden 695 metre çenli bolup, olaryň saklanyp glan ýerleriniň galyňlygy 2,5-3 metrden 6 metre, beýikligi hem 5-7 metre çenli ýerýär.Galanyň daşyndan diwardan omzaşyp daşa çykýan egme görnüşli 44 sany gorag diňleri salnypdyr. Galanyň gündogar, günbatar we günorta diwarlarynda derwezeler bolupdyr. b) Baýramalyhan gala Bu gala Abdyllahangalanyň günbatar diwaryna sapylyp, üň ganat görnüşinde salnypdyr. Onuň salnan wagty barada alymlaryň arasynda kesgitli bir pikir ýok. Galanyň ady Merwe az wagtlyk hökümdarlyk eden (1782-1785 ýý.) gajar hökümdary Baýramaly hanyň ady bilen baglanyşdyrylýar. |
|||||
|
• |
|||||
![]() |
|
![]() |
|||
|
|
|||||
|
|
|||||
|
|
|
|||